Watanymyzyň röwşen geljegi-çagalar

Watanymyzyň röwşen geljegi-çagalar

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşyzymyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň esasy maksady bolup, Diýarymyzda çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap öwrenip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, sagdyn bedenli, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli zerur tagallalar edilýär. Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän „Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu möwsümiň gelmegi bilen, ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş günleri has-da gyzykly we şowhunly geçýär. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde bolup, çagalar bilen sesli okaýyş geçirdiler. Çagalara erteki-hekaýalar okap, çagalaryň arasynda çeper okaýyş barada bäsleşikler geçirdiler. Çäräniň ahyrynda çagalar özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklary üçin ähli mümkinçlikleri döredip berýän, ýaş nesiller hakynda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


HABARLAR