“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda bolup, çagalaryň wagtynyň hasda gyzykly geçirmekligi üçün “Ruhy baýlyk-genji hazyna” atly gürrüňini geçirdiler. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, ösen tehnalogiýalardan baş çykarýan çagalar bolup ýetişmekligi üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri hakynda şeýle hem ýaşlaryň ylymly, bilimli bolup ýetişmekligi üçin ruhy baýlygymyz bolan kitap okamaklygyň zerurlygy hakynda giňişleýin gürrüňler edilip, çagalara gyzykly ertekidir, hekaýalar okalyp berildi. Çäräniň ahyrynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.