Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 39-njy çagalar bagynda “Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Durmuşyň güli diýlip söýülýän çagalaryň owadan ýylgyryşlary, şadyýan gülküleri buýsançly aýdym owazlary gözel ülkämiziň ähli künjeginde ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek olaryň ylymly-bilimli we ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda nurana arzuwlar hasyl bolýar. Çünki çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Çärede körpelere gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgylar, ertekiler okaldy.