Kitap arkaly berkän dostluk

Kitap arkaly berkän dostluk

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan möhüm waka boldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, medeniýet, ylym, bilim hem-de kitaphana işi babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem ähmiýet berildi. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň medeni gatnaşyklarda öz beýanyny tapmagy – biz kitaphana işgärlerini diýseň buýsandyrýar. Saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekimlegi aýratyn ähmiýetli wakadyr. Bu resminama iki ýurduň milli kitaphanalarynyň arasynda tejribe alyşmaga, kitap gaznalaryny baýlaşdyrmaga, elektron serişdelerden peýdalanmak, seýrek neşirleri gorap saklamak, bibliografiýa we okyjylara hyzmat etmek boýunça bilelikdäki işleri ösdürmäge giň ýol açýar. Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Milli kitaphanasynyň arasynda gazanylan ylalaşyk ýerli kitaphanalar üçin hem täze mümkimçilikleri açýar. Geljekde bilelikde kitap sergilerini, edebi duşuşyklary, sanly maslahatlary bibliografik maglumat alyşmalaryny geçirmek, iki ýurduň ýazyjylarynyň eserlerini okyjylara giňden ýetirmek maksadalaýyk bolar. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynda hem gruzin halkynyň taryhyna, edebiýatyna we medeniýetine bagyşlanan sergileri, kitap tanyşdyryşlaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini guramak bilen möhüm başlangyçlara mynasyp goşant goşmagy maksat edinýäris. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem bu şatlykly pursada özleriniň buýsançly sözlerini beýan etdiler. Kitaphanaçylara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň hemişe belent bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR