Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Sagdynlyk – bagtyýarlyk” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan saglyga degişli eserleriniň “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen giňişleýin sersisi guraldy. Mundan başgada kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Gatnaşyjylar sergidäki kitaplara syn berilende Gahryman Arkadagymyzyň göniden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ilatyň saglygyny goramakda we saglygy goraýyş edaralaryň işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işleriň berk binýady bolup durýandygyny uly buýsanç bilen nygtaldylar.