Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti.

Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti.

Lebap welaýat kitaphanasynda mekdep okuwçylaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu ýerde esasanam Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň böwet galamyndan syzylyp çykan eserlerinde ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýetiň bardygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz ,,Ýaşlar biziň geljegimizdir’’diýýär, olary watanmyzyň güýç kuwatyna-abraý mertebesine deňeýär. Adam üçin bilimi, ylmy özleşdirmekden, öwrenmekden beýik mertebe ýokdur, muny ylma-bilime, kitaba çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň: “Adamzadyň durmuşy ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ylym we bilim ynsanlaryň goşa ganatydyr, bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr” diýen röwşen manyly sözlerde ykrar edýär. Watanmyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe alyp gitmekde türkmen ýaşlary hemişe nusga bolmaly. Bilimden ýüki ýetik, ylma teşne döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýan, milliligi saklaýan nesiller bolmagy üçin, mähriban halkymyz hemişe kitaphanalary ruhy kämilligiň mukaddes ojagy hasaplapdyrlar we pederlermiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Döwrüň belent ruhuny wasp etmekde, il-günümizi ajaýyp zähmet ýeňişlerine, üstüliklerine ruhlandyrmakda ähli täzelikleri gyzgyny bilen ýaş nesillere ýetirmekde biziň kitaphana işgärlerimiz hem çetde durmaýarlar. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden guralan uly göwrümli kitap sergileri we kitaphanada hemişelik hereket edýän giňişleýin sergiler çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma we täsir galdyrdy.


HABARLAR