Lebap welaýat çagalar kitaphanasy Türkmenabat şäherindäki №51 çagalar bagynda körpeje çagajyklarymyzyň arasynda “Ertekiler dünýäsine syýahat” atly çagalar ertirligi geçirdiler. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalar üçin ýörite kitaplardan sergi guradylar. Bu ertirligiň dowamynda türkmen halk ertekilerinden düzülen kitaplaryň üsti bilen söýgüli gahrymanlaryň edermenlikleri wasp edilip, çagalaryň kitaba bolan islegini has-da artdyrdylar.