Lebap welaýat kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy myhmançylykda bolup “Ganatly bedewler” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Welaýatymyzda ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň 35-siniň gatnaşmagynda “Amul-Hazar” atly ýörişine badalga berildi. Bu ýörişe welaýatymyzdan hem ezber ýigitleriň 5-si gatnaşdy. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda atly ýörişiň jemi jemlener. Bu ýöreýşiň geçirilmegi türkmen bedewleriniň şanyny ýene bir gezek beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerine göz ýetirseň türkmeniň taryhy çuň görünýär. Milletiň ak geljege barýan ak ýolunyň peder paýhasyndan gözbaş almagy, zamananyň ösen jemgyýetçilik gatnaşyklaryna kämil ýörelgeleriniň halkymyzyň taryhy ýoly bilen beýik sazlaşygy emele getirmegi mukaddes däplerimiz esasynda täze milli türkmen dünýäsiniň keşbini düzýär diýip çykyşlarda bellenildi.