Lebap welaýat kitaphanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy “Zorlukdan ejir çeken zenanlara zerur bolan ýardamlary bermek boýunça” iki günlik okuw maslahatyny geçirýär. Bu maslahatda esasanam Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we UNFPA-nyň arasynda hereket edýän Gender deňligini ilerletmek boýunça ulgamyň we mehanizmleriň berkidilmegine ýardam bermek babatynda 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek barada çykyşlar edildi.