Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy” atly brifing geçirildi. Bu çärä Türkmenabat şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmek, maşgala mukaddesligini hem-de edep-terbiýe kadalaryny wagyz-nesihat etmek barada giňişleýin beýan edildi. Gatnaşyjylar ”Kitaplar ruhy dünýämiz” atly kitap sergisine syn etdiler. Çäräniň dowamynda okamaga, öwrenmäge, bilimli ýaşlar bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.