Belentdir jahanda mertebäň Watan!

Belentdir jahanda mertebäň Watan!

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Belentdir jahanda mertebäň Watan! ady bilen mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä dürli pudakda zähmet çekýän jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatymyzyň saglyk, bilim işgärleri we kitaphananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Çykyşlarda diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri barada buýsanç bilen bellediler. Gatnaşyjylar ”Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly kitap sergisine syn etdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


HABARLAR