Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Lebap welaýat maliýe-ykdysady orata hünär mekdebiniň talyplary, bilim, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Maslahat-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine we “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň gazanýan üstünliklerinden ugur alyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň oktýabr aýynyň 07-09-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Hazar ekologiýa sammitiniň, “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahatyň we “Parahatçylygy saklamakda, durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly zenanlar dialogynyň geçirilendigi barada giňişleýin çykyşlar edildi.