Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyň nobatdaky subutnamasydygy, türkmen wekilýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygy barada çykyşlarda aýratyn bellediler.