Golaýda welaýat kitaphanamyza Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Watançykyk taglymaty” atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde, Halil Kuliýewiň, Italmaz Nuryýewiň goşgular ýygyndysy, umumy 1175 sany gelen kitaplary welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip degişlilikde kitaphanamyzyň gaznasyna tabşyryldy we galan kitaplary şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Bu kitaplar dessine skaner edilip, elektron kitaplaryň hataryna goşuldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elepbiý we pudaklaýyn kataloklarynda hem ýerleşdirildi. Biziň kämil jemgyýetde döwrebap ýaşamagymyz, zähmet çekmegimiz, ýaş nesle kitaplary mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň yzak bolmagyny arzuw etýäris.