Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenabat şäheriniň 2-nji sungat mekdebiniň okuwçylarynyň baryp görmekleri has täsirli boldy. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren täzä-täze eserleri, nusgawy edebiýatymyzyň, häzirkizaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze çapdan çykan kitaplary bilen giňden tanyşmak mümkinçilikleri boldy. Şeýlede kitaphananyň 2-nji gatynda ýerleşýän aýdym-saz otagynda nusgawy kompozitorlaryň eserlerini ýörite niýetlenen gulaklyklaryň üsti bilen diňlemeklige hem giň mümkinçilik döredildi. Mekdebiň okuwçylary saz-sungatyny öwrenmäge döredilýän şertleri üçin, atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.