Taryhyň şöhratly sahypalary

Taryhyň şöhratly sahypalary

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmeniniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Taryhyň şöhratly sahypalary” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň, düýpli özgertmeleriň kanun taýdan esaslandyrylmagy ata Watanymyzyň dünýädäki abraý mertebesiniň, şan-söhratynyň has-da artmagyny şertlendirýändigi, munuň özi türkmen döwletinde döreýän, sebitiň we tutuş dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlaryň we döredijiligiň kuwwatly güýjüni äleme äşgär edýär edilýändigi babatda giň gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly we tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmekleri, ylym-bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar diýip çykyşlarda uly buýsanç bilen bellenildi. Çykyşlarda esasanam halkymyzy röwşen geljege ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.


HABARLAR