Paýhaslar oýi

Paýhaslar oýi

Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary baryp gördüler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitap okamaga we ýakyndan tanyşmaga isleg artýar. Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyny mydama belentde tutup, bilimli, sowatly adamlara uly sarpa goýulypdyr. Adamlar geçmişde keramatly kitaplaryň döremegi bilen söze, paýhasa sarpa goýýýan zamananyň başlanandygyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Prezidentniň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap kitaphanalar gurulyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde okamana, ylym-bilim almana ähli şertler bar. Kitaphanada guralan kitap sergileri bolsa has-da özüne çekiji bolup, okyjynyň ruhy islegini kanagatlandyrmaga, akyl-paýhas çeşmesini täsin dünýä aralaşýar.


HABARLAR