Türkmen ruhunyň sarsmaz sütüni - Magtymguly Pyragy.

My photo

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda “Magtymguly” atly täze kitabyň “Kalpda aýdyma öwrülen şygyrlar” atdy bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýylygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň hünärmenleri, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Pyragydan miras bize”atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.


HABARLAR