Medeniýet – ynsan kalbynyň nury!

My photo

Lebap welaýat kitaphanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyndaakyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300- ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet ynsan kalbynyň nury” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Welaýatymyzyň kitaphana işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň hünärmenleri, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.


HABARLAR