“Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy”

My photo

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we kitaphananyň bilelikde gurnamagynda“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlap“Magtymguly – türkmen kalbynyň şahyry” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä KAA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar mowzuklaýyn çykyşlarynda ýaşlarymyzy ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn edebi mirasynyň täsiriniň ulydygy barada wagyz etdiler.


HABARLAR