“Hünär bäsleşigi”

My photo

2024-nji ,,Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdymyzyň kitaphanalarynyň arasynda kamil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň 19.02.2024-nji ýyldaky №45-ö we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň 27.02.2024-nji ýyldaky №23-55g belgili Buýruk-Karary esasynda welaýat kitaphanasynda hünär bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.I-nji orna-welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Tagandurdyýewa Amangözel; II-nji orna – Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasy kitaphanaçysy Agamuradowa Şirin, III-nji orna - Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Razakowa Solmaz we Saýat etrabynyň Yslam geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Aganyýazowa Gülzada mynasyp boldylar. I-II orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.


HABARLAR